Ykbal
Men elimi salgap, gidip bilsedim,
seretmän bilsedim yzyma asla.
Görmejege galgatmasam baýdagym,
ýa göwünlik berjek bolmasam ýasla...
Men elimi salgap, diýip bilsedim:
“Ne bolsa halyňyz, görüň özüňiz!”
Men näme üçin aýtmaly gan aglap,
siziň gorkup aýtmadyk sözüňiz?
Men elimi salgap, gitsedim daşa
gara günde galan iliň gamyndan.
Yzym gaýgy edip ýörmesem mydam,
tisginmesem telefonyň zaňyndan...
Men elimi salgap gitsedim hemem
ejiz sesin eşitmesem, duýmasam.
Kimse maňa diýmesedi kömek et,
kimse maňa ynanmasa, uýmasa...
Men elimi salgap bilsem özüme,
özüm gaýnap, özüm dökülmesem ýa.
Her ýyl aglamasam ýyl dönüminde,
her bahar gelende sökülmesem ýa...
Ozal ogullarmy alyp egnime,
gezdirerdim gül watanyň goýnunda.
Olar indi syrýar sakgal-murtuny,
hemem meni alyp gitjek boýnunda.
Men elimi salgap bilsedim käşgä,
näme bolýar onda, bilmesedim hiç.
Agşam öýe gelip ýatsam rahat,
watanda ne bolýar, biljek bolman giç.
Ýok, bolanok, egri agaç ýarsgynna,
küýkini düzeder gabyr diýleni.
Men üýtgäp bilemok, başaramok hiç,
ýa-da maňa ýeten ykbal şeýlemi?
()