Hakykatçynyň haky

Aksakgal ýaşuly, sözüni aýdan,
hakykatda obasynyň namysy,
adalaty talap eden aç-açan,
dälihana iberilen zor bilen,
bir aýdan soň boşap, öýüne gelen,
zeýrendi: zar boldum köçä çykmaga,
“däli” diýip gaçýar çagalar maňa,
sebäbi ulular gybatym edýär,
öýlerinde busup, hyşy-da-wuşy,
agyzsuwy gaýgy öýünde ýogsa,
meger, aljak hak-heşdegi şu munda,
obasy, il üçin göreşse biri,
soragym bar, gümanym bar ullakan,
bu millete diýip bolarmy diri?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024