Tejribe
Sen ilden beýle bir bolma üýtgeşik,
okama illeriň okamaýanyn.
Diňle iliň diňlän aýdym-sazyny,
iliň ýanmaýanna ýandyrma janyň.
Eliňi çarp iller bilen ör turup,
iller oturanda durma gazaryp.
Iller depä çyksa, depä çyk ylgap,
il ýapaşak eňse, ilki bar durup.
Iller gyzyl-çyzyl mata topulsa,
ýa-da kowalaşsa altyn-kümüşe,
senem boýuň beze tapanyň bilen,
başga diýip etmesinler endişe.
Her aýdylan gepe gulak ger çyndan,
jakgyldap gül iller ýylgyrýan bolsa.
Sen ilden beýle bir bolma üýtgeşik,
bolsaň, özüňden gör şarpyk çalynsa...
()