Ýöntemlik
Ol tapan itini küşgürdi maňa.
Çak etdi çörňeşer it bilen bilmän.
Ol tapan itini küşgürdi maňa.
Hem seredip durdy ýyrşarman, gülmän.
Pikir etdi taýak alyp eline,
itleri kowalar sögünip, gargap.
Ýa-da gaçar diýdi gorkup, üýşenip,
ýa daş alar diýdi köçeden garbap.
Ol tapan itini küşgürdi maňa.
Awunar, awundyr, öçli bor diýdi.
Men itiň başyny sypadym üýren,
it oturyp, beren çöregim iýdi.
Ol tapan itini küşgürdi maňa.
Ganjyk, köpek, eýeli ýa eýesiz.
Men itçidim dogabitdi, gijeler
tanardym itleri, eşitsem sesin.
Güjüklikden urlan hemem dalanan,
ýa aç bolan itler bolýar gaharly.
Sen olara omaça ber ullakan,
seň özüňden gorap iýer naharny...
Ol tapan itini küşgürdi maňa.
Itler yza döndi aňlap ýalňyşyn.
Ol aňlap bilmedi, görüp bilmedi,
it iýenin heniz tutmadyk guşun.
()