Adam hukuklary
Adam hukuklary näme?
Söz hukugyn sözlemäge,
göz hukugyn gözlemäge,
aýak hukugyny gidip-gelmäge,
beýni hukugyny okap bilmäge
ulanmak isleýän uly-kiçini
goýun deý agyla gabap goýmakmy,
tüpeňe, türmä direnip,
küşgürip satlyk sudlary,
telpegin al diýseň, başyn getirýän
nadan nökerlere daýanmakmy ol,
ýa başga zatmy?
Adam hukuklary näme?
Muny bilmek üçin kän zat gerek däl,
Baş kanuny açyp, seretmek gerek,
hemem görmek gerek ýazylanlary,
okap bir gezek,
soň şol ýazylany goldanmak gerek,
adam hukuklary kontrakt däl,
gerekmejek gurluşygy gurmaga,
azu-küş däl, million-million urmaga,
ol adam ykbaly, ömri, ýaşaýşy,
adam bolan şonsuz ýaşap bilmeýär,
ýa-da sil deý akýar onuň gözýaşy...
()