Bilmek näme

Bilmek näme, bileniňi etmekdir,
gitmekdir ölüme bileniň üçin,
durmak däldir gorkup, çekinip ýa-da
başga müň bahana duwlanyp yzda.
Bilmek gülmek däldir başga birine,
bilýänden bolup,
ýa öwretmek däldir başga göreşi,
bilmek bileniňi etmekdir, ogul,
däldir başga birne galdyrmak işi.

Akyl satmak bolar soňsuz, ahyrsyz,
diňlejegem bolar, dana däl hemme.
Bilmek bileniňi aýtmakdyr, ogul,
bileniňi etmän özüňi gömme!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019