Görip
Ýakyndan bak, daşdan bak,
kiçi görüner görip.
Ýokardan, aşakdan bak,
kiçi görüner görip.
Wezipe ber ullakan,
beze döşün medaldan.
Kiçi görüner görip,
bilmersiň gözüň aldap.
Baý bolsun, maly, puly
sygmaýan giň jahana.
Barybir ol ownara
tapar ýetik bahana.
Başgaň bagty, baýlygy
çenden-çakdan köp görner.
Ne gazansa az bolar,
gawunna diýer terne...
Ynanyp bilmez kimsä,
ene-ata ýa gaýyn.
Oň gözüne gowy ýok,
hemme köwýär aýagyn.
Kiçeltjek bor başgany
elden gelse, gelmese.
Kelte görüner görip,
özi bilse, bilmese.
Ýakyndan bak, daşdan bak,
göribiň güni güzap.
Ol özüni gaýgyrmaz,
iýer oturar gazap...
()