Diwarlar
Diwarlary,
daşarda däl, içerde,
beýnide, ýürekde galdyrlan beýik,
boýun almaly.
Olar galyň galam bilen böwserden,
teşe ursaň, bir digiri gopmaýar.
Arasynda uzak gije ädimläp,
uzak günüň gezim edip geçirýäň,
tussaghanaň gezim otagy ýaly,
telim yza dönüp, telim öwrülip,
diwar, meger, hemmeleriň ykbaly!
Diwarlary,
daşarda däl, içerde,
aňda, huşda, hakydada, hyýalda,
gadym gala ýaly sarsman duran,
boýun almaly.
Olar tussaghanaň diwarlaryndan
has berdaşly, bolmasa-da daş-kesek.
Eger biz şolary başarsak aşyp,
her zyndandan çykyp geris ölmesek...
()