Men saňa ýör diýmen

Men saňa ýör, ýurda gideli diýmen,
Soň ökünjek işiň edeli diýmen...

Göni gürrüň, dogry gürrüň edeli,
Aýt maňa ýüregiňde ne bolsa?
Men birini aşak iteli diýmen,
Ýat illerde galyp, saralyp-solsam.

Görýän, seniň gorky otyr gözüňde,
Galarysmy ýüregimiz ýag alyp?
Men saňa ters işi edeli diýmen,
Ar alaly diýmen gazaba galyp...

Men saňa ýör, ýurda gideli diýmen,
Soň ökünjek işiň edeli diýmen...

Pikir etme, bizar diýip watandan,
Pikir etme, ýat illere höwrügip.
Barybir, ýör, ýurda gideli diýmen,
Gitmsem-de gözel ilden öwrülip.

Men saňa ýör, ýurda gideli diýmen,
Çünki bilýän müşgül işi, asany.
Soň ökünjek işiň edeli diýmen,
Ökünmerin diýseň, ýol başla, hany!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024