Isanyň ölümi
“Göwheriňi atma doňuz öňüne!”
Bu Isanyň sözi, ýekeje harly.
Ol muny aýtsa-da aýdypdyr, emma
öz diýenin tutup bilmän ugurly,
(ýa-da bu tabşyryk ezelden beýle) ,
göwher sözlerini beripdir ýele.
Onuň jezasynyň manysy şeýle -
adam agza däl-de, bakmaly ele!
Kimde taýak, türme, kim gaty urýar,
kimiň nadan nökeri kän öldürjek?
Şu sowala jogap çözýär jedeli,
şu sebäpli Isa haçda jan berjek...
Arkaňa çüýlenjek agajyň alyp,
pesden beýge çykan ýaly ganda-der,
millet diýip ýola çykmak, göreşmek
öňi, soňy gutarmaýan bir heder.
Ýykylsaň, “Hä, diýmedimmi?” diýjek kän,
göterişjek bolmasa-da agajyň.
Aýak üste dursaň äge bolmaly,
daşyň doly bolar ýygşyryp hajyn,
zäherli çüýüni saklajak taýyn,
gaçsaň, yzdan saňa diýerler haýyn...
()