Goýnuň ölümi

Aýaklaryn güýlüp, ýüňünden süýräp,
damakgan üçin gazylan
çukuruň başyna eltseler goýny,
gapdalynda suwly kündük goýsalar,
gassap ýeňin çermäp, pyçagyn daşa
keýp bilen çalsa gan ysyn küýsäp,
goýun mälemese bolman soň gezek,
bolman bir gezejik baş götermese,
giň dünýäni görjek bolup ýene bir,
bir düwlüp, ýazylyp dyzanmasa ýa,
aýaklarnyň ýüpün çözerin öýdüp,
walla, kim mälejek onuň ýerine,
kim urunjak pyçakdan öň bir gezek,
kim synanjak sypyp gitmäge gaçyp,
bu zatlary goýnuň özi etmeli,
ýogsa-da ölmeli gözleri açyk...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024