Ýene...

Ýene kagyz üýşýär öýüme meniň,
ýene kitap tekjelerim galňaýar.
Ozal şeýle bolup gaçdym öýümden,
indi haýsy ykbal bolar maňa ýar?

Ýene okaýaryn, ýene öwrenýän,
ýene aýtjak bolýan bilen, duýanym.
Ozal şeýle bolup gaçdym ilimden,
indi nirden alyp çykar uýanym?

Taşla kitaplary, taşla galamyň,
gaýtalama diýýän şol bir ýalňyşy;
Emma ýene okamasam oňamok,
ýene ýazyp geçdim tutuş bir gyşy.

Öten agşam enem girdi düýşüme,
diýdi men bu ýigdi tanamaýaryn.
Mellekdäki haşal oty goparyp,
durmukam diýýärin egilip ýarym.

Ýüzümi galdyryp bilemok ýerden,
başaramok ene gözlerne garap.
Ýene-de alaçsyz ýegşerýär gerden,
ýene-de oýanyp bolýaryn harap...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024