Içden gelen söz
Men obada ösdüm hemem
okap bilmedim gowy,
öwrenmedim dillerin,
köp-köp kitap ýazylan,
bize görä edenli,
öňe giden illeriň.
Ýöne durmuş maňa başga bir sapak,
ders berdi, meger, alyp bolmajak,
başga birleriniň dilin öwrenip,
men adamyň görüp başladym için,
pikirlerin okap başladym sözsüz,
men adamy tanap başladym görmän,
ýoluny, çukury görýän deý gözsüz,
gitdim, aralaşdym ýetip bolmajak,
ýa ýetmesi müşgül uzak menzile,
ýalandan derdime agtarman derman,
oda ot diýmedim elim çirkizip,
ýok ýerinden turuzmadym zenzele,
şondan gol gowşuryp yzda, ýeňsede
birlerine bukup oturmaýanym,
ýalan bilen, haýbat bilen, güýç bilen
sen meni gorkuzyp bilmersiň, hanym,
sebäp men seň gorkýanyňy bilýärin,
şondan açyk saňa durýanym garşy,
hemme hemmä aňladýanym bilýänim...
()