Parh

“Gurbannazaram, Kerimem nadara, talantsyz adamlardan gaty gorkardy.” Bir ýazyjynyň gürrüňinden.

Meniň ynanasym gelmeýär muňa,
dogry, nadaradan çekiler her kim.
Ýöne gorkmak başga, çekilmek başga,
başga bolşy ýaly gowşagyň, berkiň.

Bilýän biraz Gurbannazar, Kerimi,
goşgularny okap, derňäp pikirni.
Olar gorkan däldir boşdan, gedemden,
emma bilendirler durmaly ýerni.

Sebäp ýakyn dursaň, ýa-da getirseň
bir gapak, depegi golaý-goltuma,
ol ilki aňňyrar uzyndan-uzyn,
soňra tozan turzar agynap guma...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019