Erkin goşgy ýazmak üçin
Erkin goşgy ýazmak üçin ozaly,
meger, özüň biraz erkin bolmaly,
süýşürmeli haýatlary aňyrrak,
näme diýer iller diýen haýaty,
güýjüň barlap, birki gezek depmeli,
ýykmaly ýa ýumurmaly ahyrda,
saňa näme näme diýdi, diýmedi,
ýaşmagyny gybat üçin aýyrýan,
saňa näme doýagarna iýmedi,
çagasyny ibermedi mekdebe,
para alýan tapsa, äbede-jüýbe,
boljak bolma asla olaryň biri,
bilip durkaň bolsaň, öljegiň diri,
sen özüni gurban beren adama,
ýaşmagyny kepen edip özüne,
iň gowusy seretme hem ýadama.