Durmuş sungaty

Helena Bonham Karteriň äheňinde

Hemme edýän zadyň sungat durmuşda,
saýlap-seçip aýakgabyň, eşigiň
geýinişiň, bezenişiň sungat seň,
soň sözleri saýlap ýa-da saýlaman,
gepmi-gybat ýa-da gürrüň edişiň,
ýa ýollaryň, uzak-ýakyn, şaýlanan,
ýylgyryşyň ýazlar ýaly açylyp,
çytylyşyň gyşlar ýaly, ir gelen,
ynanýan zatlaryň sungat durmuşda,
arzuwlaryň iň esasy, owadan,
tolgunyşyň sähel zada çaga dek,
ýa täzeräk gelen ýaly obadan,
gyzgyn çaýyň hopurdadyp içişiň,
ýa-da ýoldan, maşyn akýan dyngysyz,
dursalar-da, gorky bilen geçişiň,
ýa itli köçeden sowulşyň gaçyp,
soň içeriň, haly, palas düşelen,
göwni açyk üçin gapysy açyk,
hem sanawy alynmaly zatlaryň,
dükana gideňde gyssanyp, zerur,
bişirýän naharyň, oduň, ojagyň,
ýazan goşgularyň, bu günki, öňki,
bularyň barysy sungat, düşünseň,
düzet, işle nokada çen iň soňky.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024