Gözler hem sözler

Gözler, ynsan gözleri,
olar şeýle üýtgeşik.
Birleri nurly örän,
birleri gamgyn, öçük...

Birleri şat seredýär,
birleri çuň, çynlakaý,
birleri muň tersine,
birleri aram bakýar,
aladaly başgasy,
birleri köp soragly,
başgasynda sorag ýok,
hileli, allysy bar,
gönümel, mön ýeterlik,
birleri söýgi, mähir,
käsi bar, içden geçip,
görüp çykjak barçany,
gözler, tükenmez kitap,
hemmesin okan barmy?

Gözler, ynsan gözleri,
bakýar olar her dürli,
hemem görýär her dürli.
Ýogsa bakýan zady-da,
ýeri-de meňzeş käte,
emma olar görerler
özlerne görä iti,
özlerne görä aty,
hemem baha bererler,
ha ýumşak gör, ha gaty.

Biri görer Garagumda
jeren gözlerniň görkün,
hem göterer özi bilen
bir gün galýança ýumlup,
biri şol jereniň etinden kakmaç,
çişlik görer diňe hem ganly öňlük...

Gözler göwnüň aýnasymyş diýýärler,
başaran görermiş gözden ýüregi.
Ýöne mydam gözden tanalmaz adam,
emma sözi satar dürsi, düregi...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024