Biri türşek zyňsa
Biri türşek zyňsa üstüňe dynman,
olam käte degse, käte degmese,
gaty görme, gyzma, gynanma hemem
türşek ýa daş alyp, öwrülme ýeňsä,
sebäp her kim ölçär öz garşy bilen,
her kim öz gözünde bakýandyr aýna,
düşün ýagdaýna!
Eger gawun ýeten bolsa eline,
ýa garpyzy bolsa göwnünde üýşmek,
o bende zyňmazdy türşek,
gawun-garpyz zyňardy,
ýöne taňry ony gawuna däl-de,
garpyza däl-de,
türşege ylaýyk görüpdir, nätjek,
ol ony keýpine zyňanok höçjet,
arzuwy bar, senden aňyrrak ötjek,
emma goýbermeýär şor çykan maňlaý,
pikir edýär ýazgyt bolmaly şeýle,
düşünmeziň işi beýlemiş, beýle!
Biri gürmek zyňsa üstüňe dynman,
olam käte degse, käte degmese,
käte çetiň gyzsa, käte gynansaň,
käte biri diýse gorkýarmyň eýse,
gürmekçä gürmekli topuljak bolma,
ýa aklama özüň günäkär ýaly,
sebäp güli bolan gül ysyn saçar,
zäherli zäherin sokjak bor heläk,
agramy bir aşyk, kölgesi köşek
öz agramna çenli ýeňletjek bolar,
ýelek ýelek etjek gaýmaga bile,
jähenneme giden el berip ele,
äkider alyna düşseň aňalyp,
ata eşek diýip gygyrsa kelpez,
gören ýokdur atyň çarpaýa galyp,
ýa kişňäp gaýtargy berenin entek,
öz ýerinde galar akyl ýa tentek...
()