Iş etjegiň kynçylygy
Ölenleriň işi bitýär, gutarýar,
ýagşy, ýaman, niçik etsin, etmesin,
dirilere galýar ortadaky ýük,
ene-ata, dogan-gardaş, obadaş,
götermeli, egne alyp gitmeli,
ýa-da çala gozgamagyň ýerine,
emel edip, bir-berege itmeli,
garaşmaly, gözlemeli ýeňil iş,
şükür, indi telefon bar, seredip,
bir zatlary okan bolmak ýörgünli,
ýa bolmasa, gygyrmaly - o ýatyr,
o beýleki bu tarapa işleýär,
iş ýerine satsaň gowy galmagal,
belli zad-a, hyrydar köp bazarda,
ölenleriň işi bitýär, gutarýar,
iş etjek diriler galýar azarda.