Alym il

Özi üçin göreşmeýän millete,
sözi üçin göreşmeýän millete,
gözi üçin göreşmeýän millete,
gulaklary üçin, eşidýän heniz,
burunlary üçin, dem alýan entek,
agzy üçin göreşmeýän millete,
iýmeli, içmeli bolmasaň tentek,
ogly üçin göreşmeýän millete,
gyzy üçin göreşmeýän millete,
agtygyny, çowlugyny okatmaz,
bolsa, para berip, satjak minnete,
ömrüňi ber, kesek atar, daş atar,
ýa çekiler, günäň bar dek geçilmez,
ýazykly saýdyrar özüňi beter,
gökden düşen ýaly haýsy dil açsa,
a soň köp dymandan etmeli heder.

Öz-özüne garşy göreşýän millet,
öz sözüne garşy göreşýän millet,
öz gözüne garşy göreşýän millet,
öz agzyna garşy göreşýän millet,
bir-birine ýagy bolan ýeterlik,
öýi, işi, durmuş durşuna minnet,
daşarky duşmana ýaramaz, gitmez,
gelse üýşüp, talamaga ülkesin,
döwletbaşy bilen birleşip, bilip,
ejiz ýerin tapyp, urmaga içden,
a sen bilip, ýa ýalňyşyp agzasaň
ene-ata terbiýesin, bilimi,
ýa syýasy ýörelgesin, türmesiz,
ýa türmede galmaz edýän biliňi,
ýüzläp, müňläp nadanlyga iterýän,
aýdyňlaryn, tapan ýoluň ýitirýän,
tanasaň, görkezseň, kim beter zalym,
her öňüňden çykan ýolda ýa yzda,
akyl berer bolup alym.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024