Gowy çykalga

Ýyllarboýy, ýeke ýyl däl, on ýyl däl,
ýok ederler halky, ogul-gyzlaryn,
saýlap, seçip, iň gowusyn öldürip,
bu iş dowam edýär, el çarpyň turup,
ýaryşyň o birin taryplap, öwüp,
ýogsa bilip, güman edip, birdenkä,
el-aýak däl, ilki göwnüňiz döwüp,
maýyp-müjrüp edäýmesin, çekiniň,
tahýa geýiň, telpek geýiň, islese,
çörek dürtüň, çelpek ýaýyň islese,
gury çörek ýetse, soramaň çaýy,
munda horlananyň, aýdýar mollalar,
gelejegi anyk, jennetmiş jaýy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024