Bu zemin

Içip gez,
göçüp gez,
göterilip gez,

ýa tersine, gudurama hiç haçan,
egniňi gys, başyň aşak, ümsüm bol,
ýüzüňe baksalar ýylgyr naýynjar,
salam ber uýala, salam al gorka,
ýa şelaýyn ýylgyr, oýnasyn gaşyň,
gözün-başyn aýla garryň hem ýaşyň,
ýa ýüzüň çyt, gaçsyn golaýa gelen,
hol daşdan barýana gygyr nadara,
saçyňy reňkle dürli reňke,
gulagyňa ildir her hili demir,
burnuň, diliň, duluklaryň düwmeli,
torbaňdan as odur-budur tapanyň,
saçyňy syr, sakgal goýber, murt goý,
soň baryn tersine syryp gel ýene,
her gün üýtge, ýa üýtgeme hiç haçan,
garşy dyr ýa goldaw, meçew ber jeňe,
köçede ýatyp-tur öýsüzler bile,
eýesiz itlere iýdir tapanyň,
ýa uly şäherde uly jaý gurun,
gapyňda hatara dursun maşynlaň,
sürüjiňe geýdir owadan penjek,
aýalyňy çümdür göwhere, zere,
ýerden däl, adamyň ýüzünden ýöre,
kitap ýaz ýa ýazdyr adyň zerledip,
öwmäň diýip agla käte zörledip,
soň bir gün öl, tarpa-taýyn, elbetde,
gözel iliň goýup ýetde-de-gütde,
ýa tersine, dogul ýene gaýtadan,
dowam etdir gurmadygyň gurmagy,
ýykmadygyň ýykmagy,
pikir etme kime näçä düşýär ol,
gara gaýgyň bolsun şöhrat hemem pul,
içip gez, göçüp gez, göterilip gez,
ýa tersine, otur igli çaga deý,
balagyň hapalap, göz bolup, ölmän,
bu zemin hemmäni göterer bilmän...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024