Heder derdi

Özi ozal ogry bolan,
öz iline talaň salan,
garry-gurty, naçar, çagaň
arkasyndan arşa galan,
nirä äkit, nirä getir,
oturt haýsy halyda sen,
iýdir, içir, ýagly petir
salyp goýber gaýdanda soň,
peýdasy ýok näme etseň,
ilim diýip, ölseň, ýitseň,
ogry saýar seni beter,
egri saýar seni beter,
hem gyssanyp çeker jary,
çünki senden eder heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021