Seniň parhyň

Hemmeleriň tanamagy hökman däl,
bilmegi hökman däl eden işleriň,
gowy, erbet, aram ýa-da ortalyk,
etmedik işleriň, wagtynda turman,
biderek meýlise, mejlise gelip,
eger-eger, asla aklama özüň,
öwünjegem bolma, etseler başga,
heňe gelmez gep-gürrüňi yzyňdan,
gürrüň berme bilmeýäne hiç haçan,
ýitirme wagtyňy bilýänler üçin,
sebäbi köp adam özüçe görer,
ýa özüne osup, keser nyrhyňy,
seni kimsäň tanamagy hökman däl,
özüň bilseň bolar ahyr parhyňy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021