Hakykat oýny
Hakykat, gürletseň hemme adama,
uçdantutma, ulus-ile gerekli,
emma onuň oýnun, düzgünin saklap,
oýnap biljek iki-ýeke, derekli,
derejeli adam az bolar mydam,
hemem erki ýetýän ilki özüne,
gözel iliň ýatan bolsa daňa çen,
hakykat däl batyr bolup bagyrmak,
o birine diýip gyzyň ýa ejeň.