Dargan jemende

Ne işiňi sylar dargan jemende,
ne ýaşyňy sylar dargan jemende,
ne eneňi, ne ataňy sylar ol,
etjek bolar özi ýaly şermende;
sen oňa ýalbarma: beýle bolmaly,
düşündirjek bolma: eýle bolmaly,
ýok, gowy däl diýme harçaňda-harçaň,
hiç ýere barmarys, bu ýolda barça
güýç-gurbatdan aýrylarys, öleris,
olar diýer sesli ýa-da sedasyz:
sen gepleme, biz, özümiz bileris!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024