Hüseýin Ugurlyň türküsin diňläň
Hüseýin Ugurlyň şarkysyn diňläň,
oňa dönük diýmiş itiň birisi;
wah, bu diňe bize mahsus däl eken,
ýok ekeni dünýäň ownuk, irisi.
Iň esasy dönük ilin talaýan,
mertebesin basgylaýan milletiň,
ol öňürdip, dönük diýip haýkyrar,
gaýratyndan çekjek bolsa minneti.
Ýöne iti kemsitmäliň, doganlar,
o janawer bitmez işi bitirer,
dönük saýmaz taşlap giden eýesin,
galan ömrün gözi ýolda ötürer,
it wepadyr, at - biwepa diýleni,
at kim münse, äkider hem getirer.
Hüseýin Ugurlyň türküsin diňläň,
oňa dönük diýmiş itiň birisi,
eger dönük gözi bilen seretseň,
haýyn eken dünýäň öli, dirisi.