Oba we oglan nakylynyň äheňinde
Sen oglany hökümetde bogarsyň,
sen oglany hökümetden kowarsyň,
çykararsyň zaldan gümüň çek diýip,
ýa sypaýy, başga işe geçjekmiş,
ýatyp bilmän bile talanyň iýip,
salarsyň zyndana çekinseň, belki,
öldürersiň, ölmez-gülmez edersiň,
emma birden, bagty gelip gutulsa,
ölmän çyksa, gaçsa uzak illere,
sen oglandan hökümeti almarsyň,
demir gala gurup özüňe ýeke,
hökümetden kowlan synasy onuň,
ýomut bolsun, gökleň, ýa bolsun teke.
Sen oglany hökümetde bogarsyň,
sen oglany karam edip kowarsyň,
emma hökümeti kowmarsyň ondan,
agzy tagam tapan hapa gazandan,
gören oglan görmesiziň hözirin,
ynanmaz adama, ynanmaz alla,
nirä gitse küýsär yzyny, walla.
Sen oglany hökümetden kowarsyň,
emma hökümeti kowmarsyň ondan,
ol nirede, niçik halda ýaşasa,
hantama bor yzda gyzýan gazandan,
eger biri, ýat illerde mysapyr,
özüm ýaly diýip, saçagyn ýazsa,
iýdirse, içirse, gezdirse soňra,
şäher içi, şäher daşy, ulagly,
hökümetçi oglan saklanyp bilmän,
içdäki pikirin çykarar daşa,
hökümet berdimi jaýyň, maşynyň,
sorar gülen bolup, bir ýerin gaşap...
Sen oglany häkimlikden kowarsyň,
emma häkimligi kowmarsyň ondan,
ol özüni görer ähli adamda,
öz islegin, öz höwesin görer ol,
görer kürsüsini elinden alnan,
hemem pikir eder hemmeler kümsük,
saçak ýazan saçak ýazýar hantama,
salam beren salam berýär hantama,
a salamyn kesen hudaýa garşy,
goý, elinden gelse, gaçyrsyn arşy.