Süri hakykaty
Käte gahar bilen diýýärler: “Walla,
ol özüni saýýar göbegi ýeriň!”
Bu şeýlemi, dälmi, kepil geçmek kyn,
hem kepil geçmezlik, sebäbi deriň,
ganyň saçyp göreşmeli çyn üçin,
ýöne muny etmek başartmaz mydam,
onsoň ak diýseler gara birleşip,
ýa gara diýseler aga dilleşip,
“hawa, şeýle” diýýäň, çekilýäň ýa-da,
şeýdip ullakan Ýer öwrülýär ada...
()