Surat

Il we gybat

Dargan ile gybat gerek, gep gerek,
meselesin pikir edýän gerek däl,
bolubilse, bozuk bilen çep gerek,
gowşak gerek arak-şerap öňünde,
ýa hudaýy dünýe maly, şöhrady,
neşekeş, aýalbaz, ugursyz, kezzap,
iki, üç däl, näçe bolsa, köp gerek,
öz işini eder ýaly arkaýyn,
satar ýaly bolsa çilimi, nasy,
ýa utanmaz ýaly gyzaryp ýüzi,
bolmaz ýaly, walla, kanuny asy,
emma ol bilmeýär çepleriň kärin,
hala dentist bolsun, hala-da şahyr,
goşgy ýazýan watan diýip, bagyryp,
hala Zöhre bolsun, hala-da Tahyr,
ölsün, ýitsin bir ýerleri agyryp,
gybat gerek ile, ugursyz, goçak,
watanyna näçe ýetirsin zyýan,
ýa geçirsin baryn ýüz ýyllap başdan,
ulus ile gürrüň gerek, gep gerek,
görünýär bu has kän seretseň daşdan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024