Jogapkärçilik
Mekdebiňi ýapsa birisi gelip,
beýlekisi gelip ýumursa jaýyň,
sen içiňe salyp, dymsaň, çekilseň,
diýip bilmän hatda daşyňdan waýyň,
eýerjek bolmasaň zamana, döwre,
hamala, bar zatdan bar ýaly paýyň,
aýyplama başgalary ýat ilde,
günäkärläp bolsa özüçe çeýe,
meselesin çözjek bolup özüniň,
ozal özüň çykman özüňe eýe.