Surat

Millet we minnet

Dikeniniň saýasynda saýalap,
ekenini orýar millet ýadaman,
daşarlardan biri çozup gelmese,
gul etmese ogly bilen gyzyny,
öz içinden döräp, belki, beteri,
bela bolýar soňsuz parhsyz adama.

Garaşýar birleri geler daşardan,
halas etmek üçin, başyny goýup;
öz ekenin orýar millet, alaçsyz,
doýagarna diňe minnetden doýup...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021