Özüňi sylamasaň
Sen özüňi sylamasaň,
sögüp bolar her adama,
diýip bolar her bir sözi,
gaýty-gýrym ýa-da hapa,
adam bolsa, bolmasa-da,
atyp bolar her töhmeti,
matlap bilen ýa keýpine,
urup-ýenjip bolar ony,
garaw görmän, güýçli bolsaň,
öldürip-de bolar, belki,
işikdäki malyň ýaly,
ilki malym - janym diýip,
ýa adamy aç-hor saklap,
öler ýaly edip bolar,
bolar soňra özüň aklap,
sylamasaň özüň, walla,
her peslige gidip bolar,
bu bilinýän, bilinjek zat,
düşünmeseň ýaşkaň, ozal,
soň hökmany gelinjek zat.