Esasy günäkär

Öz ömrüni, gözel ömrün gul bolup,
baş egip geçirýän meniň işim däl,
aladam däl, eger özi islese,
ýa-da aňsat görse egilip mydam,
ýalandan ýylgyryp ýaşasa adam,
göreşip ölmekden çekinip, ýadap,
diýmejek sözüni diýse, gürlese,
göwni üçin başgalaryň, edenli,
edermen görünýän özünden, belki,
ak sakgalyn sübse etsin islese,
ak gyňajyn ýazsyn aýak astyna,
her namarda, çykan iliň kastyna,
gyzyny, ogluny ibersin tansa,
diýdimzoruň hormatyna bir gyldan,
bergä batyp, bezäp gülki,
gep bolsun millete, özi islese,
ýöne biri, gadym wagt, akyldar,
soralanda, walla, kimi öldürjek,
öldürmeli bolsaň ikiden birin,
gullarymy ýa olaryň eýesin,
diýipdir, wah, agzanyňy ilkinji,
sebäp olar döredýärler zalymy,
şonuň üçin gowy gitseler ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024