Hudaý we sen
Eger hudaý senlik bolsa,
aýdyşy dek öňkülerň,
eli ýetmez kimsäň saňa,
hiç ýaýdanma, git ýoluňa,
ýöne senlik bolmasa ol,
atylan daş degse gelip,
geňirgenme, görme gaty,
edilýändir bu iş bilip,
sapak bermek üçin, belki,
ýa synamak üçin ilki.
Şonuň üçin, ömür diňe
saçagy däl ejeň janyň,
göreş, ýykyl, dikeljek bol,
ýere berip ýatman ýanyň.
Şonda, meger, hudaý seni
görer hemem geler ýene,
hem garaşýan amatyna,
kimdigiňi biler ýene.