Surat

Gurbanlyk goşgusy

Azajyk, azajyk, günde azajyk
geçen günden biraz gowy bolmaly,
düzetmeli öz-özüňi azajyk,
wagtyňy ýitirip bolmajak işe,
bütin dünýä azm urmaga derek,
haýbatlary azaltmaly azajyk,
gybatlary azaltmaly azajyk,
azaltmaly nebisleri, ak, gara,
bahyllygy azaltmaly, ýüregiň,
beýniň işin ýeňletmeli, sebäbi
näçe düzüw bolsaň, şonça-da gowy,
il üçin däl, özüň üçin ozaly,
düýnkiden az gürlemeli, megerem,
derlemeli, belki, azajyk artyk,
taýak alyp ýa-da taýaksyz, irden
ýörejek bolmaly azajyk ýortup,
azajyk az iýip, azyrak içip,
bilýäris-ä, ömür gysga, ýol uzak,
ýetişmek kyn çykan ýoluňy geçip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021