Adamlar we dowzah

Diňe aç hem döwüm-dişlem çörek däl,
ýa aýakgap, aýakýalaň, ölenden,
ogurlamaz adam, gözi, göwni aç,
geň görýän ýok dünýä aglap gelenden,
biri tutuş ýurdy, milleti bilen,
jübüsine salyp, edip bialaç,
iýýär iliň beýnisini, başyny,
ýandak bilen süpür diýip ýaşyňy,
diňe mal däl, adamlar däl ogurlyk,
at-abraý, şöhrat gerek ynsana,
ýeňiş gerek, dünýä bolsa-da gülki,
diýmek ony söweşenden almaly,
almaly ölenden gümürtik, belki,
a soňundan din-imany ogurlap,
jenneti-de öz jübiňe salmaly,
dowzahy-da öz jübiňe salmaly,
manysy şu, belki, adam ömrüniň,
dowzah gurup, ortasynda galmaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024