Surat

Dyza çöken millet

Millet, ýazyjysy, şahyry bilen,
alymlary bilen, ýiti ýa kütek,
emeldarlar, uly, kiçi, jogapkär,
ykrar edip ýeňilişi, basyşy,
öz-özün meýletin inkär edende,
dyzyna çökende göz edip ile,
bilip, bilmän gelmesize gidende,
çagalaryn alyp ýanlary bile,
näme aýdyp, näme diýjek, bilmersiň,
a aýdasyň gelmez gelenin dile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021