Surat

Hakykat

Sen bilýärmiň hakykatyň H-syny,
eger bilseň, ýeterlik däl bileniň,
sen ony aýtmaly içiňden ilki,
soň daşyňdan, inkär etseň öleniň,
öldürleniň dirilikde, meýletin,
sallançakda bogjak adamlar görüp,
alardanda gözlerini, döwletiň
ýa iliň adyndan gürläp ýürekden,
sen bilýärsiň hakykaty aýdany
nädýänlerin, belki, kesip çörekden,
diýmek, gözenegiň iki tarapy,
birisi kaýyllyk, beýleki pitne,
sen özüňe saýlamaly, almaly,
kim nirä çagyrsa ýa diýse gitme.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021