Surat

Köşk oýny

O bir ýetim, eli gelen,
gülüp, aglap arasynda,
hem ýazyjy, hem şahyrdy,
oýnaýardy milletini,
ýöne gije ýatyp bilmän,
içip, çekip, gorkusyndan,
iýýärdi çig öz etini.

O bir ýetim, eli gelen,
bagty gelen, bilse eger,
hezil edip göräýmäge,
oýnaýardy il-gününi,
ýöne öldi ýaşap bilmän,
öz-özüni iýdi, meger,
köşgi galdy gorkanyna,
öz-özüni iýjek ýene,
ogurlyk don geýjek ýene,
dilde eziz, mähribanlar,
halallygy söýjek ýene.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021