Surat

Uzaga çeken gedemlik

Segsen ýyllap alynmadyk sapagy,
urşuň sapagyny bilmese millet,
ýa öwrenmek islemese düýbünden,
ýüreginde başga, başgasy dilde,
gazanylan üstünlige ynansa,
durmuşda däl, diňe kagyz ýüzünde,
begense ýok diýen ýalana çala,
ýa-da pikir edip bilýän, ýürekli
göz edilip kemsidilse, urulsa,
galan ömri açmaz ýaly agzyny,
elin çarpyp dilde jennet gurulsa,
dowzah edip durmuşyny, ölýänçä
gara başyn satyn alyp, ösen il,
ýas tutmaly güni toý edip, içip,
gaçyp hakykatdan aldajy ýaly,
ýene näçe ýaşar özünden geçip,
öz-özüni bizar etmän ahwaly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024