Kim bolsaň bol
Hiç görünmän ýaşa, görünip ýaşa,
tanalma hiç oglanlykda, ulalyp,
adyň, badyň bilinmesin obada,
oka ýa okama başyryp başyň,
ýa okasaň, bilýäniňi bildirme,
gizle ilden bolsa nanyňy, aşyň,
ýaşan ýaşyň bilmesinler, nirede,
nämejik işleýäň, ýaşyr baryny,
kim dünýäni tutsa tutsun,
a kim alsyn üçden birin, ýaryny,
syýasata dagy asla goşulma,
ýa goşulyp, yza çekil düşünip,
kimiň oýny kime, özüne garşy,
iki ýüzli, ýa ýüz ýüzli oýun et,
saga diýip, arasynda sola git,
ajal gereklese, tapar ahyry,
sebäp ýa bahana gapdaly bilen,
gizlen nirde, uzakda ýa ýakynda,
arasynda aýallaryň, çagalaň,
kim bolsaň bol, geçirer ýat, keseki,
wah, gowudy diýer ini, agalaň.