Diktatura
Hemme üçin kyn diýýärler,
diktatura, ýüzügara.
Emma oňa garşy durýan,
göreşýän az turup, ugrap.
Ýa göreşýän özün ýeňip,
jylawlaman nebislerin,
men-menlige gurban bolýar,
özi bilmän, elin berip.
Gygyrýar ol, bagyrýar ol,
diktatura uly goldaw,
gürleşjek ýok durup açyk,
uruşjak kän duşsa ýolda.
Hemme üçin kyn diýýärler,
hatda agyr diktatora,
biri öldi ýatyp bilmän,
bolup belli içigara.
Beýlekiler, soňky bilen,
iň ýokardan aşaga çen,
biri-birin duşman saýyp,
begenýär her güne geçen.
Emma ertir näme bolar,
bilýäni ýok, howp-hatar,
öz-özüni burça gaban,
günde özün oksuz atar.
Diktatura, kyn diýýärler
hemme üçin, hemem üýşüp
biri-birin çig iýýärler,
käşgä tursaň, bolsa düýşüň.