Surat

Seniň işiň

Bu seniň hiç işiň däl il,
öz-özünden gaçsa bilip,
el uzatsa, uzat senem,
uzatmasa, berme eliň.

Eger özi islemese,
içmez suwy, iýmez nany;
aýdylan-a her milletiň
tüýs özüne kybap hany.

Eger hany islemese,
asuda hem tämiz güni,
goý, ogurlyk etsin günde,
zyndan edip gijesini.

Ejesiniň alajasy,
näçe işsin, goramajak;
jogap berler soranlara,
jogap almaz soramajak.

Öz-özünden gaçsa millet,
öz öňünde durman ilki,
jogapkärsiň duýdurmasaň,
günäkär däl diýseň, belki.

Ýöne sözüň zaýalama
öz-özünden gaçan ile,
sebäbi ol eşitmez hiç,
hem düşünmez hiç bir dile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021