Haýbat ýadawlygy

Daşdan görseň, ýaldyr-ýuldur,
olam beýik, bulam beýik,
ýa tersine, biraz däli,
ýa-da gorkup, gykylyklap,
gizlemeli çyn ahwaly,
düşünersiň käte, dogry,
bilip bolmaz mydam baryn,
sebäbi kyn adam haly,
okamasaň lupa alyp,
eşitmese diýýän sözün,
ýa görmese açyk gözi,
sen özüňi diňle ozal,
edip biljek bar kömegiň,
derman satyp, salyp aly,
aldamasaň bolup uly,
ýa edenli, il gözüne,
iň bolmanda haýbat atman,
diýdirmeseň däli ýaly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024