Agzybirlik oýny
Biri-birlerini oýnap oýnady,
gorkuzyp oýnady olar,
ürküzip oýnady olar,
ýakdym-ýakdym diýip, ot alyp ele,
wezipe ýetende, goragsyz tapsa,
çirkizip oýnady olar,
utjak bolup utuldylar agzybir,
ullakan türmäniň içinde indi,
içi türme, daşy türme türmäniň,
biri türmebaşy, beýleki eli,
çepi ýa-da sagy, tapawudy ýok,
beýlekiler ädik boldy aýakda,
ädiksizi deper ýaly keýpine,
ýa basgylap, geçer ýaly üstünden,
olar biri-birin oýnap oýnaýar,
hem ölmedik diýýär walla, üstün men!