Surat

Durmuş we sen

Bu seniň durmuşyň, başga birleri
çyzmaly däl çyzyklary hemişe,
geçmeli ýa bärisinde galmaly,
sesiňi çykarman, ätmän ädimiň,
eger muňa düşünmeseň, düşünip,
düşünjäňe eýermeseň hiç haçan,
aýyplarsyň başgalary hemişe,
ömür-ahyr bolup özünden gaçan,
gorkan, belki, durmuşyndan, gurmaly,
garaşma hiç adam, alla ýetişip,
seni yklap, ýele garşy durmaly,
goramaly siňek, çybyn, çirkeýden,
ulalaňsoň, ese-boýa galaňsoň,
bu seniň durmuşyň, ýa-ha alarsyň,
ýa aglarsyň, gol gowşuryp galaňsoň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021