Ahyr netije

Siz bizi ezilen millet öňünde,
dagdy bolan il öňünde asyrlap,
kemsitdiňiz, öldürdiňiz agladyp,
enemizi, atamyzy, üstünden
terror atyn çapyp saga hem sola,
belki, puşman etdirdiňiz müň gezek,
näme üçin çykdyk diýip bu ýola,
ilden-günden yrak düşüp, sag bolsun,
urmady, sögmedi, geldik ýat ile,
a siz uly baý bolduňyz, gutlaýan,
hemem dünýä gülki işiňiz bilen,
şükür, bar zat belli, görünýär aýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024