Iliň haly

Oglan ilki güman etdi,
şübhelendi azda-kände,
soň içinden diýdi sessiz:
ol içaly, bu içaly!
A soňundan pyşyrdady
ýok ýerinde başga adam,
gaýtalady daşyndan soň:
ol içaly, bu içaly,
satylan mugt hökümete,
sebäbi gerek wezipe,
çörek gerek saçagynda,
ýa jenaýat edipdir-de,
günäsini ýuwýar bende...

Oglan ilki güman etdi,
şübhelendi barha beter,
soňra diýdi birki ýerde:
ol içaly, bu içaly,
geplän görse, satar elin,
biz adam däl, bazar maly.

Dogry, içi ala kändi,
satýan kändi geçse adam,
käsi gorkup, käsi kesbi,
kär edinip kümsükligi,
çünki gorky az-owlak däl,
müň troýan aty bolup,
bozulypdy milletde päl.

Diýmek, näme diýsin adam,
hiç ynanmak bolmaýardy,
edýän işi gowam bolsa,
her kimde bir güman bardy.

Üstesine täk ýaradan
her kime öz gözün berýär,
görer ýaly başgalary,
öz düşünjek sözün berýär.

Ondan aňryk, meger, kimse,
geçip bilmez böküp, towsup,
şondan egsik özün görer,
görüp bilmez artyk, gowsun.

Oglan ilki güman etdi,
soň has beter şübhelendi,
gürlemeýär indi açyk,
aşaklykdan gybat edýär:
ol içaly, bu içaly,
abat adam galmady hiç,
niçik bolar iliň haly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024