Zeýrenç

Biri diýdi: “Ozal düýşde uçardym,
gollarym ganat deý gerip, galgadyp.
Kem-kem seýrekledi howaly günlem,
gijelem garalyp, gygym ajady.

Ýogsa günüm ganymat deý öňküden,
çalşyrgyç köýnegim, penjegimem köp.
Çagalarym bilen çykýan gezime,
islesem wiskiden bolup bilýän kök.

Ozallar, ýadymda, aýagymdaky
aýakgabym tozup, alardym täze.
Indi hatara dur bäş-alty jübdi,
tomus ýa güýz üçin, gyşa hem ýaza…”

Dymdym, näme diýjegimi bilmedim,
a ol diýdi: “Göge galardym aňsat!
Emma indi hiç zat aldanok göwnüm,
elde, aýagymda öňki gujur ýok.”

Diýdi: “Gara pikirlere basdyrýan,
agaç adam bolup görünýär birden.
Ozallar düýşümde uçardym, indi
çöpe-çöre urup, gaçýan hederden…”

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024